Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat şäherindäki “Balkandokma” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde döwrüň talaplaryna laýyk işler amala aşyrylýar. Bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zaman tehnologiýalary kärhanada ýokary hilli, dürli ölçeglerdäki sapaklary taýýarlamaga giň mümkinçilik döredýär.
Toplumyň bölümlerinde taýýarlanylýan nah ýüplükler bu günki günde diňe bir içerki bazaryň däl, eýsem, Türkiýäniň, Ýewropa ýurtlarynyň bazarlarynyň hem islegli harytlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda kärhanada zähmet çekýän ýaşlaryň agramly böleginiň gelin-gyzlardygy aýratyn bellärliklidir. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýanwar — iýul aýlarynda toplumda 2 müň 620 tonna ýokary hilli nah ýüplük taýýarlanylyp, özleşdirilen işleriň möçberi 76,2 million manatlyga golaýlady. Kärhanada gürrüňi edilýän ýedi aýda sarp edijilere ýetirilen önümiň pul hasabyndaky möçberi 90 million 140 manatdan hem köp boldy. Bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, üç esse köpdür.
Çeşme: “Türkmenistan” gazetiniň 2024-nji ýylyň 17-nji awgustyndaky sany