Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň, Slowakiýanyň we Wýetnamyň Prezidentlerini gutlady

TDH
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň, Slowakiýanyň we Wýetnamyň Prezidentlerini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow (Surat: TDH)

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýetilen derejesine ýokary baha we ony mundan beýläk-de berkitmäge hem-de giňeltmäge uly ähmiýet berýäris” diýlip, hatda bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözülmeginde Özbegistanyň netijeli ornuny belläp, iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine strategik häsiýetli türkmen-özbek gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin mundan beýläk-de bilelikdäki tagallalara taýýardygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny, Özbegistan Respublikasynyň halkynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.

***

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti, Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary jenap To Lama hem-de ýurduň ähli halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident To Lama berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

***

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Peter Pellegrinä ýurduň milli baýramy — Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Peter Pellegrinä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Slowakiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

 

Çeşme: TDH

2022