Gyrgyzystanyň bazarlarynda türkmen önümlerine uly isleg bildirilýär

BT
Gyrgyzystanyň bazarlarynda türkmen önümlerine uly isleg bildirilýär
Türkmenistan “SPEKA ýurtlarynyň sergisi: durnukly ösüş üçin sebit hyzmatdaşlygy” atly sergide, 2023-nji ýylyň 22-nji noýabry, Baku, Azerbaýjan (Surat: Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklar durnukly ösüş depginini görkezýär. Bu barada Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçisi Azizbek Madmarow metbugat wekilleri bilen duşuşygynda aýtdy diýip, “SNG.Today” ýazýar.

Türkmenistanyň bäsdeşlige ukyply önümlerine gyrgyz bazarynda uly isleg bildirýär. Eksport edilýän harytlar elektrik, nebit, dokma we pomidor ýaly önümleriň giň toplumyny öz içine alýar.

Gyrgyzystan hem öz gezeginde Türkmenistana oba hojalyk önümleri we käbir hojalyk harytlaryny iberýär. Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň mukdary yzygiderli ýokarlanýar. Deslapky seljermeler esasynda özara söwda dolanşygynyň 100 million dollara ýetmegine garaşylýar.

Diplomatyň pikiriçe, bu hörkeziji harytlaryň görnüşini hasam artydrmaga we täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

 

Çeşme: “Balkan” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody” AGPJ

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022