Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň kazylaryny wezipä belledi we wezipeden boşatdy

TDH
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň kazylaryny wezipä belledi we wezipeden boşatdy
Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Gün tertibine Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem girizildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda” Permana gol çekdi.

***

“Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Öwezmyrat Sapargeldiýewiç Bäşimowy Balkan welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli;

Atajan Akmyradowiç Rozyýewi Ahal welaýatynyň Kaka etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Ýazjemal Sultanmuratowna Suhanberdiýewany Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini bermeli;

Ezizmyrat Akmyradowiç Annaýewi Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini bermeli;

Baýramgeldi Çaryberdiýewiç Rahymowy Lebap welaýatynyň Kerki etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa kazynyň 5-nji hünär derejesini bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 4-nji sentýabry.

 

Çeşme: TDH

2022