Stokgolmda türkmen-şwed hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň DIM-i
Stokgolmda türkmen-şwed hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmen-şwed syýasy geňeşlemeleri, Stokgolm, Şwesiýa (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

2024-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Stokgolmda türkmen-şwed syýasy geňeşlemeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, şwed tarapyna – Şwesiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň başlygy Tobias Tiberg ýolbaşçylyk etdi.

Daşary işler ministrlikleriň arasyndaky geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, terrorçylyga garşy göreşmek, ekologiýa, ulag we energetika ýaly ählumumy we sebit gün tertibine degişli meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.

Halkara düzümleriň, hususan-da BMG-niň, ÝHHG-niň we ÝB-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmagyň ähmiýeti hem nygtaldy.

Türkmen tarapy Şwesiýanyň wekiliýetini Türkmenistan tarapyndan guralýan dürli çärelere gatnaşmaga çagyrdy we ýokary derejedäki duşuşyklary guramak üçin halkara meýdançalary ulanmagy teklip etdi.

Taraplar Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjynyň çäklerinde  özara gatnaşyklary ösdürmegiň we hyzmatdaşlygyň täze formatlaryny öwrenmegiň wajypdygy barada ylalaşdylar.

Şol gün türkmen wekiliýeti Şwesiýa Patyşalygynyň Riksdagynda (Parlamentinde) Merkezi Aziýa ýurtlary bilen dostluk toparynyň başlygy, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasyndaky şwed wekiliýetiniň ýolbaşçysy Býorn Sýoder bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Şwesiýanyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara taýýardyklaryny bellediler. Bu babatda şu ýylyň oktýabr aýynda iki ýurduň Dostluk toparynyň arasynda onlaýn duşuşygy geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada hem pikir alşyldy. Taraplar iki ýurtda birek-biregiň medeniýet günlerini guramagyň mümkinçiliklerini öwrenmek barada ylalaşdylar.

4-nji sentýabrda türkmen wekiliýeti Şwesiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa-Atlantik işleri we howpsuzlyk syýasaty boýunça Baş direktory Torbýorn Solstrýom bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda şwed tarapy Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi. Esasy ugurlaryň hatarynda parlamentara gatnaşyklary we halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy bellediler.

Taraplar ekologiýa, energetika ugurlarynda, işewür toparlaryň arasynda, şeýle hem medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek barada ylalaşdylar.

 

 Çeşme: Türkmenistanyň DIM-i

2022