Gruziýada CASCA+ multimodal ugruny ösdürmek meselelerine garaldy

BT
Gruziýada CASCA+ multimodal ugruny ösdürmek meselelerine garaldy
Demirýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda CASCA+ multimodal ugrunyň ösdürilmegine bagyşlanan altytaraplaýyn duşuşyk, 2024-nji ýylyň 5-6-njy sentýabry, Batumi, Gruziýa

2024-nji ýylyň 5-6-njy sentýabry aralygynda Gruziýanyň Batumi şäherinde Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň demirýol administrasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda CASCA+ “Aziýa-Ýuwaş Umman ýurtlary – Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa” halkara multimodal ugrunyň ösdürilmegine bagyşlanan altytaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Türkmen wekiliýetine “Demirýollary” AGPJ-nyň baş direktorynyň orunbasary S. Nurberdiýew ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplar logistika gurluşlarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini, CASCA+ ulag geçelgesiniň işjeňleşdirilmegini we ýurtlaryň ulag, deňiz, demirýol we howa gatnawlaryndaky ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek maksady bilen gatnaşyjy ýurtlaryň tejribesini alyşmagy ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda gatnaşyjylar demirýol ulaglary we logistika ýaly geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygyň, global ykdysadyýetde integrasiýa prosesleriniň we durnukly ösüşiň möhüm ýagdaýydygyny aýratyn belläp geçdiler.

Duşuşygyň netijesi boýunça multimodal ugrunyň ösdürilmegine we taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Teswirnama gol çekildi.

Gruziýa amala aşyrylan saparyň çäklerinde gatnaşyjylar Poti şäherindäki täze multimodal konteýner terminalyna baryp gördüler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy

2022