Türkmen türgeni ilkinji gezek erkin göreş boýunça dünýä çempiony boldy

THP
Türkmen türgeni ilkinji gezek erkin göreş boýunça dünýä çempiony boldy
Türkmen pälwany Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça dünýä çempionatynda, 2024-nji ýylyň sentýabry, Pontewedra, Ispaniýa

Türkmenistanly pälwan Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda (U-20) altyn medala mynasyp boldy. Bu ýurdumyzyň taryhynda erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli pälwanlaryň arasynda gazanylan ilkinji altyn medaldyr.

Alp Arslan Begenjowyň çykyş eden 79 kilograma çenli agram derejesinde 28 türgen bäsleşdi. Ildeşimiz ýaryşyň ähli tapgyrlaryny ynamly geçdi. Ol saýlama tapgyrda eýranly Mahdi Ýusufihajiwardan 10:0 hasabynda üstün çykdy. Soňra ildeşimiz şeýle hasap bilen ukrainaly Oleksandr Mamroşy ýeňmegi başardy. Çärýek finalda belarusly Dmitriý Lukaşçugy ýeňen (10:0) Alp Arslan ýarymfinalda hindistanly türgen Amit Amitadan 11:0 hasabynda üstün çykdy.

Ildeşimiz final tutluşygynda hem ynamly ýeňiş gazandy. Ol amerikaly türgen Zakari D Raýderi 5:0 hasabynda ýeňdi. Bu agram derejesinde bürünç medallara Mahdi Ýusufihajiwar we braziliýaly Leandro Arauho mynasyp boldy.

Ýeri gelende bellesek, Alp Arslan Begenjow şu ýylda ajaýyp netijeleri görkezýär. Ol mart aýynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda, iýun aýynda Iordaniýanyň Amman şäherinde geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda hem bürünç medallary eýeläpdi. Şeýle hem ezber türgen iýul aýynda Tailandyň Si-Raça şäherinde 20 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky geçirilen erkin göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda altyn medala mynasyp bolupdy.

 

Çeşme: THP

2022