Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini telefon arkaly doglan güni bilen gutlady

TDH
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini telefon arkaly doglan güni bilen gutlady
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew (Surat: prezident.uz)

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. 

Dostlukly goňşy ýurduň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň abadançylygynyň, türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ägirt uly şahsy goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza özüniň mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi. 

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejä çykarylandygyny belledi. 

Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Dünýä we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygy halkara giňişliginde   tagallalary utgaşdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. 

Söhbetdeşler türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ugurlaryň giň toplumyny, şol sanda oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz, himiýa senagaty ýaly pudaklary   we beýleki ugurlary öz içine alýandygyny bellediler. 

Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň sebitleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, parlamentara gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz  mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistan  bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandy üçin özbek kärdeşine minnetdarlyk bildirdi. 

Telefon söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler. 

 

Çeşme: TDH

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022