Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, döwlet býujetiniň ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeleriň gönükdirilendigini nygtady.
Bu serişdelerden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 67,8 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 32,2 göterimi goýberildi. Döwlet býujetiniň çykdajylar böleginiň maksatlaýyn peýdalanylmagy we özleşdirilmegi üpjün edildi. Ykdysadyýeti özgertmek, innowasion ösüşi gazanmak, hususy pudagyň paýyny giňeltmek arkaly býujetiň girdejileri artdyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, milli manadyň hümmetini saklamak boýunça geçirilen özgertmeler durnukly pul dolanyşygyny hem-de ykdysady ösüşi üpjün etdi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan bolsa býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi ýene-de 10 göterim ýokarlandyrylar.
Çeşme: TDH