Türkmenistanyň Prezidenti iri gurluşyk kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti iri gurluşyk kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Russiýanyň “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukato

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda “Bouygues”, “Wozroždeniýe” kompaniýalarynyň we “CLAAS” maşyngurluşyk kärhanasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi.

“Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk:

“Bouygues” kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, şeýle hem “Buig Batiman International” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer Erik Sen-Andre bilen bolan duşuşygyň dowamynda taraplar köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdylar.

“Türkmenistan hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr hem-de baý tejribä eýe bolan “Bouygues” ýaly iri kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge taýýardyr” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany belledi.

Kompaniýanyň wekilleri bildirilen ynam we goldawlar üçin hoşallyk bildirip, üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryna berk eýermek, özüne ynanylan taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.

Russiýanyň “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşyk:

Igor Bukato hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigine buýsanýandygyny nygtap, iri infrastruktura taslamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt işewürleri üçin Türkmenistanda amatly mümkinçilikleriň döredilendigini nygtap, türkmen tarapynyň russiýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.

“CLAAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen duşuşyk:

Türkmenistanyň Prezidenti myhmanyň şu gezkki saparynyň german hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm binýat boljakdygyna ynam bildirdi. Türkmen tarapy geljekki hyzmatdaşlyk üçin anyk tekliplere garamaga taýýardyr.

Katrina Klaas-Mýulhoýzer kompaniýanyň netijeli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertler döredilen Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge tagalla edýändigini tassyklady.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlygyň 33 ýyllygynyň dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogan bilen hem duşuşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022