ÝHHG-niň Başlygy Guramanyň maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň goşandyny belledi

BT
ÝHHG-niň Başlygy Guramanyň maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň goşandyny belledi
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) ozalky Baş sekretary, ilçi Helga Şmid bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 26-njy sentýabry, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Asambleýasynyň çäklerinde Malta döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri, şeýle hem ÝHHG-de başlyklyk edýän Ýan Borg bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Guramanyň maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň goşandy bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Ýan Borg ÝHHG-niň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparynyň üstünlikli guralandygy üçin hoşallyk bildirdi we ÝHHG ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň şu ýylyň ahyrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän mejlisiniň ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Maltanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini hem maslahatlaşdylar.

Şol gün Raşid Meredow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) ozalky Baş sekretary, ilçi Helga Şmid bilen hem duşuşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda, hususan-da, sebit howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we sanly ulgam ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hanym Şmidiň uly goşant goşandygyny bellediler.

Ilçi Şmid Gurama bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň başlangyçlarynyň möhümdigini nygtady. Taraplar bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022