Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we BMG-niň Baş sekretary hyzmatdaşlygyň ösdürilişini maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we BMG-niň Baş sekretary hyzmatdaşlygyň ösdürilişini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 28-nji sentýabry, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Taraplar Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, Antoniu Guterriş Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berip, alnyp barylýan daşary syýasatyň sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýändigini nygtady.

Türkmen tarapy öz gezeginde, Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasy ugra ygrarlydygyny tassyklady. Meredow şeýle hem Baş Assambleýanyň ozalky sessiýasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmek üçin BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge meýillidigi hakynda mälim etdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň daşary işler ministri saparyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň taýýarlanylyşy barada aýtdy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirilen “C5+1” görnüşindäki gepleşiklere gatnaşdy.

2022