2024-nji ýylyň 3 – 5-nji noýabrynda Aşgabatda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy” atly halkara maslahaty we sergisi (CIET-2024) geçiriler. Bu barada çäreleri guraýjylaryň web-saýtynda habar berilýär.
Maslahatyň çäklerinde elektrik energetikasy, gurluşyk, himiýa senagaty we senagat önümçiligi pudagynda täze maýa goýum taslamalary ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Arkadag “akylly” şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna, şol sanda lukmançylyk we gaýtadan işleýän klasterlere aýratyn üns berler.
“CIET-2024” gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we himiýa senagaty pudaklarynda möhüm meseleleri maslahatlaşmaga hem-de täze sebit infrastruktura taslamalary öwrenmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Energetika ministrligi, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi we Aşgabat şäheriniň häkimligi çäreleri guraýjylar bolup çykyş edýär.