Türkmen wekiliýeti halkara balyk senagaty forumyna gatnaşdy

BT
Türkmen wekiliýeti halkara balyk senagaty forumyna gatnaşdy
Ýedinji Halkara balyk senagaty maslahaty we Balyk senagaty sergisi, 2024-nji ýylyň 17-19-njy sentýabry, Sankt-Peterburg, Russiýa

Türkmen wekiliýeti VII halkara balyk senagaty maslahatyna we balyk senagatynyň, deňiz önümleriniň we tehnologiýalarynyň sergisine gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Bu çäre özüniň köpöwüşginli sergi diwarlyklary we “tegelek stol” duşuşyklaryny, tanyşdyrylyş dabaralaryny, roud-şoulary, ylmy-amaly okuw maslahatlary hem-de işewürlik duşuşyklaryny öz içine alýan giň gerimli işewürlik maksatnamasy bilen tapawutlandy.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň (TOHU) wekilleri çärä gatnaşan wekiliýetiň düzüminde boldy. “Global Fisheri Forum & Seafood Expo Russia 2024” maksatnamasynyň çäklerinde halkara ylym-bilim maslahatynyň “Balykçylyk pudagynda bilim we barlag taslamlaryny durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygy” atly “tegelek stol” duşuşygy geçirildi. Onda TOHU-nyň maldarçylyk kafedrasynyň müdiri S.Annamuhammedow çykyş etdi. Ol balykçylygy ösdürmek babatda çäreler boýunça özara pikir alyşmagyň ähmiýetlidigini belledi.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň we onuň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent oblastyndaky şahamçasynyň wekilleri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdylar.

“Bu çäre ylmy taslamalary durmuşa geçirmekde özara gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge isleg bildirýän ýokary okuw mekdepleri üçin açyk dialog boldy. “Tegelek stol” duşuşygy we tutuşlygyna forum balyk hojalygy toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamakda halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň täze nusgasyny döretmek üçin meýdança boldy” diýip, Annamuhamedow nygtady.

2022