Türkmenistan we Günorta Koreýa göni howa gatnawyny açmagy maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we Günorta Koreýa göni howa gatnawyny açmagy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň wise-premýeri Baýmyrat Annamämmedowyň Günorta Koreýanyň ýer, infrastruktura we ulag ministri Pak Sun U bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 23-25-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumy boýunça orunbasary Baýmyrat Annamämmedow Günorta Koreýanyň ýer, infrastruktura we ulag ministri Pak San U bilen gepleşikleri geçirdi. 2025-nji ýylda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawyny açmak maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, taraplar Aşgabat-siti ýaly iri gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişine koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagyny hem maslahat etdiler.

Pak San U ýokary tehnologiýalary hödürlemek bilen Türkmenistandaky senagat taslamalary ösdürmekde hyzmatdaşlyk etmäge Günorta Koreýanyň taýýardygyny nygtady.

Saparynyň çäklerinde Pak San U Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebit-gaz meseleleri boýunça orunbasary Batyr Amanow bilen duşuşdy. Onda 2025-nji ýylda geçiriljek “Koreýa – Merkezi Aziýa” sammiti bilen bagly bilelikdäki başlangyçlar maslahatlaşyldy.

Pak San Unyň Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem duşuşygy boldy. Taraplar Türkmenistanyň demir ýol düzümlerini döwrebaplaşdyrmakda koreý tehnologiýalaryndan peýdalanmak we tebigy serişdeleriň hasabyna işleýän gaz zawodynyň gurluşyk meselelerini maslahatlaşdylar.

2022