Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow anna güni Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary Guram Guramişwili bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýollaryna garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadkay ilçihanasy habar berýär.
Ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam edýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň tutýan ornuna aýratyn üns çekildi. Energetika we ulag, şol sanda ulag-logistika we energetika ulgamlarynda bilelikdäki taslamalar ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy ugry boldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar ykdysady, önümçilik hyzmatdaşlygy, söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhüm ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekilleri iki ýurduň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Parlamentiniň medeniýet meseleleri boýunça komitetiniň başlygy Eliso Bolkwadze bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki döwletiň arasynda medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maslahat etdiler.