Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň başlygy Ditmar Krissleriň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa komissiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşiklerde täze ulag geçelgelerini döretmek meseleleri maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, taraplar sebitiň durnukly ykdysady we durmuş ösüşine ýardam etjek Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmegiň möhüm ähmiýetini bellediler.
Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” dialogynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk ugurlaryna garadylar. Taraplar ÝB-niň Türkmenistanda möhüm ulgamlarda taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýändigini nygtadylar.
Sebit howpsuzlygy, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak, “ýaşyl” we sanly özgertmeler, energetika we ulag-logistika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin sapar bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýneni kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ÝB-niň komissary Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ygtybarly ulag köprüsi hökmünde Türkmenistanyň ornuny aýratyn nygtady.