Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady

BT
Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin (Surat: chr.mk.ru)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

“Biz Türkmenistanda döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň, özara hormat goýmagyň, ynanyşmagyň köpýyllyk däplerine daýanýan strategik hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýarys” diýlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putine tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, Russiýanyň ähli halkynyň bähbidine gönükdirilen jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

2022