Dünýä döwletleriniň Baştutanlary halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana gelerler

BT
Dünýä döwletleriniň Baştutanlary halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana gelerler
Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Russiýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Belarusyň, Ermenistanyň we Azerbaýjanyň Döwlet baýdaklary

Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň Liderleri 11-nji oktýabrda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşarlar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar bermegine görä, 10 – 13-nji oktýabrda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana döwlet sapary meýilleşdirilýär. Saparyň dowamynda ol ikitaraplaýyn gatnaşyklary we halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirer hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşar.

Foruma döwlet Baştutanlary bilen bir hatarda, halkara guramalarynyň, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň we ÝUNESKO-nyň ýolbaşçylary hem gatnaşarlar.

Çäreler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda we “Ýyldyz” hem-de “Garagum” myhmanhanalarynda geçiriler. Oňa dünýä ýurtlaryndan 800-den gowrak žurnalistiň gatnaşmagyna garaşylmagy çäräniň ýokary halkara ähmiýete eýedigini görkezýär.

2022