Gurbanguly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistana sapara çagyrdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistana sapara çagyrdy
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, onuň barşynda türk Liderini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini we öňde boljak çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma taýýarlyk görmekde beren goldawlary üçin Ärdogana hoşallyk bildirip, beýik şahyryň mirasyny goramakda we wagyz etmekde türk Lideriniň uly goşant goşandygyny belledi.

Söhbetdeşler medeni, dil we ruhy umumylyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini bellediler.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022