“Salayidin” Türkmenistanda gurluşyk taslamalary üçin ygtybarly hyzmatdaş

BT
“Salayidin” Türkmenistanda gurluşyk taslamalary üçin ygtybarly hyzmatdaş
Aşgabat, Türkmenistan

“Salayidin” kompaniýasy Türkmenistanda gurluşyk taslamalary üçin gurluşyk materiallaryny, tehnikalaryny we enjamlaryny üpjün ediji öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolup durýar. Ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanadan bu kompaniýa, bölekleýin üpjünçilik hyzmatlaryndan başlap, doly taýýar edilip tabşyrylan çözgütlere çenli giňişleýin hyzmatlary hödürleýär we müşderileriň arasynda meşhurlygy eýeleýär.

Bu kompaniýa 2013-nji ýylda esaslandyrylyp, onuň Türkmenistanda, Dubaýda, Türkiýede we Hytaýda edaralary bar. Bu bolsa ýokary hilli hyzmaty hödürlemäge we ýüztutmalara gysga wagtyň dowamynda jogap bermäge, üpjünçiligi netijeli gurnamaga we ähli GDA ýurtlarynda müşderiler üçin bäsdeşlige ukyply çözgütleri hödürlemäge mümkinçilik berýär.

“Salayidin” kompaniýasynyň artykmaçlygy – önüm öndürijiler bilen göni şertnama baglaşmaga mümkinçiligi bolup, bu bolsa önümler üçin iň amatly bahalary teklip etmäge şert döredýär. Kompaniýa müşderilerine öndürijiler bilen göni hyzmatdaşlygy gurmaga ýardam berýär we serişdeleri tygşytlaýar hem-de hil kepilligini üpjün edýär.

Kompaniýa materiallary we tehnikalary gönüden-göni öndürijilerden satyn almak, logistika guramak, gümrük resminamalaryny resmileşdirmek we işiň alnyp barylýan ýerine eltip bermek ýaly üpjünçilik boýunça giňişleýin hyzmatlary hödürleýär.

Iş döwründe kompaniýa mekdepleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, sport desgalarynyň gurluşygy we nebit-gaz pudagy üçin enjamlary üpjün etmek ýaly köp taslamalary üstünlikli ýerine ýetirdi. Ähli taslamalaryň wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi kompaniýanyň ýokary hünär derejesini tassyklaýar.

“Salayidin” kompaniýasy islendik göwrümdäki taslamalar üçin ygtybarly hyzmatdaş bolmak bilen özüniň takyklygy, hyzmatdaşlyk üçin açyklygy we borçlaryny anyk ýerine ýetirmegi bilen tanalýar.

“Salayidin” kompaniýasy bilen habarlaşmak üçin:

Elektron salgysy: info@salayidin.com

Telefon belgisi: +99371112274

Web: salayidin.com.

Instagram: SALAYIDIN TRADE

linkedin: Salayidin Group

2022