Gazak Lideriniň resmi saparynyň çäklerinde Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradiotoplumynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem ulag, ykdysadyýet we medeniýet ýaly dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklara gol çekildi.
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk, sanlylaşdyrmak, sport, oba hojalyk ulgamlarynda baglaşylan ähtnamalar esasy resminamalaryň hataryndadyr. Şeýle hem Maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda ylalaşyga, Strategiki hyzmatdaşlygyň 2025–2027-nji ýyllar üçin hemmetaraplaýyn Maksatnamasyna gol çekildi.
Dabaranyň ahyrynda Prezidentler iki ýurduň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we köptaraply strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.