Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşmak üçin penşenbe güni Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, myhmany Aşgabadyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar garşyladylar.
Saparyň dowamynda ýurtlaryň we medeniýetleriň arasynda möhüm meseleleri hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we durnukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýän möhüm ugurlary maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem şol gün Aşgabat şäherine Gazagystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň Prezidentleri we Tatarystanyň Baştutany geldiler.