Russiýanyň, Ermenistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň Prezidentleri Aşgabada geldiler

BT
Russiýanyň, Ermenistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň Prezidentleri Aşgabada geldiler
Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Aşgabadyň Halkara howa menzilinde, 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabry

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iş sapary bilen Aşgabada geldiler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, döwlet Baştutanlary beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilýän halkara foruma gatnaşmak üçin geldiler.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde myhmanlary resmi adamlar garşyladylar.

Forumyň dowamynda dürli ulgamlarda, şol sanda ykdysadyýet, medeniýet we howpsuzlyk ugurlarynda hyzmatdaşlygyň esasy meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabada Gazagystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň Prezidentleri we Tatarystanyň Baştutany hem Aşgabada geldiler.

2022