Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum başlandy

BT
Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum başlandy
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum, 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabry, Aşgabat

Aşgabat şäherinde beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum öz işine başlady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar bermegine görä, forum ynanyşmak, özara hormat goýmak, düşünişmek we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk hem-de döwletara dialogyň görnüşini emele getirýän ählumumy gymmatlyklary maslahatlaşmak üçin amatly meýdança boljakdygyny habar berýär.

Foruma gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýetleriň uly düzümi aýratyn ünsi çekýär. Olaryň arasynda Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleri bar. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hem foruma gatnaşyjylaryň hataryndadyr.

Foruma başga-da birnäçe ýokary derejeli myhmanlar, şol sanda Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, GDA-nyň Baş sekretary, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary hem-de TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary gatnaşýarlar.

ÝUNESKO, ŞHG, YHG guramalarynyň, Hytaý, BAE, Oman Soltanlygy, Saud Arabystany, Bahreýn Patyşalygy ýaly birnäçe ýurtlaryň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri hem-de “Fransiýa – Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy hem wekiliýetiň düzümindedir.

2022