Gurbanguly Berdimuhamedow halkara foruma gatnaşandyklary üçin dünýä Liderlerine minnetdarlyk bildirdi

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara foruma gatnaşandyklary üçin dünýä Liderlerine minnetdarlyk bildirdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: kremlin.ru)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda daşary döwletleriň birnäçesiniň Liderleri bilen duşuşyklary geçirip, olaryň dowamynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, foruma gatnaşan ýokary derejeli myhmanlaryň hatarynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş, Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow hem-de Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bar.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika we medeni hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklaryň ahyrynda taraplar döwletleriň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm ähmiýetini nygtap, birek-birege berk jan saglyk we üstünlikleri arzuw etdiler.

2022