AÖB Türkmenistanda kiçi we orta kärhanalaryň ösdürilmegini goldaýar

BT
AÖB Türkmenistanda kiçi we orta kärhanalaryň ösdürilmegini goldaýar
Aziýanyň Ösüş Bankynyň merkezi edarasy, Manilia, Filippinler (Surat: AÖB)

Aziýa ösüş banky (AÖB) maliýe we tehniki goldawlaryň üsti bilen Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Bu barada AÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň direktory Artur Andrisiagyň interwýusyna salgylanyp, “Trend” habarlar agentligi sişenbe güni habar berdi.

Onuň sözlerine görä, 2024 – 2028-nji ýyllarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäklerinde bu bank ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, hususy pudagy we adam maýasyny ösdürmek boýunça ýurduň Hökümetiniň tagallalaryna goldaw berer.

A.Andrisiak kiçi we orta kärhanalaryň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça taslamanyň bu goldawlaryň möhüm düzümini emele getirjekdigini belledi. “Bu taslama kiçi we orta kärhanalara karzlara eleýeterliligi, töwekgelçilikleri dolandyrmagy gowulandyrmagy we bank ulgamynda howa şertlerini hasaba almagy üpjün eder” diýip, ol aýtdy.

Bank şeýle hem işewür gurşawy gowulandyrmak üçin bilimleri hödürlemek we mümkinçilikleri giňeltmek bilen döwlet-hususy hyzmatdaşlygy arkaly hususy pudagyň ösdürilmegine ýardam eder. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde AÖB has amatly şertleri döretmegiň ýol kartasyny işläp taýýarlamak bilen hususy pudagyň gatnaşmagyndaky we döwlet-hususy hyzmatdaşlygyndaky mümkinçilikleri we çäklendirmeleri ýüze çykarmak üçin barlaglary geçirer.

A.Andrisiak AÖB-niň hususy pudaga maýa goýmaga we innowasiýalary we özgerişlik mümkinçiliklerini goldamaga taýýardygyny nygtady. Munuň özi ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga we onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

AÖB infrastrukturalaryň gowulandyrylmagyny, adam maýasynyň ösüşini we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek çärelerini goldamak bilen Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşy bolmagynda galýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022