Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylary duşuşdylar

BT
Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylary duşuşdylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy, 2024-nji ýylyň 14-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majlisiniň Başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň Ýokary Geňeşiniň Başlygy, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Nomaýandogan Majlisiniň Başlygy, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanunçykaryjy palatasynyň Başlygy we bu ýurtlaryň parlamentarileri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň çäklerinde parlament ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlisi geçirildi. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy däp bolan dostlukly türkmen-koreý, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Parlamentarileriň çykyşlarynda duşuşyga gatnaşýan döwletleriň milli parlamentleriniň arasynda netijeli özara gatnaşyklary has-da berkitmegiň möhümdigi bellenildi. Parlament ýolbaşçylary sebit meseleleri we gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça parlament edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada özara pikir alyşdylar.

Nobatdaky bu duşuşyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly parlamentara forumy döretmek hakynda başlangyjy esasynda geçirildi.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda türkmen-koreý ikinji geňeşme maslahaty geçirildi.

2022