Türkmenistanda BSG-ä goşulmaga taýýarlyk maslahatlaşyldy

BT
Türkmenistanda BSG-ä goşulmaga taýýarlyk maslahatlaşyldy
Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) ylalaşyklaryna bagyşlanan “Söwdada tehniki päsgelçilikler” we “Sanitar we fitosanitar çäreler” atly okuw maslahatlary, Aşgabat

Geçen hepdede Aşgabatda Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) ylalaşyklaryna bagyşlanan “Söwdada tehniki päsgelçilikler” we “Sanitar we fitosanitar çäreler” atly okuw maslahatlary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi. 

“Türkmenistan: durnuklylygy we söwda arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak” atly maksatnamanyň düzümi bolen okuw maslahaty BSG-ä goşulýan döwlet gullukçylaryny taýýarlamaga gönükdirildi. Gatnaşyjylar, şol sanda ugurdaş ministrlikleriň we ýokary okuw mekdepleriň wekilleri milli kanunçylyk namalaryny hem-de halkara ölçegleri maslahatlaşdylar. 

Şeýle hem “Türkmenstandartlary” döwlet komitetinde bilermenleriň ýolbaşçylygynda BSG-niň talaplaryna laýyk gelýän “Tehniki düzgünleşdirmek hakynda” we “Standartlaşdyrmak hakynda” Kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işi tamamlandy. Duşuşykda dürli ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň wekilleri bilen geçirilen seljermeleriň netijeleri maslahat edildi. 

Bilermenler söwda düzgünlerini ýeňilleşdirmegiň we kanunçylygy halkara kadalara laýyk getirmegiň möhümdigini bellediler. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýurduň BSG-ä üstünlikli goşulmagy üçin bu wezipeleriň üstünde ýakyndan iş alyp barýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022