Hytaýyň kärhanalary Türkmenistandaky taslamalara $4,18 milliard maýa goýdy

BT
Hytaýyň kärhanalary Türkmenistandaky taslamalara $4,18 milliard maýa goýdy
Maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý Iş toparynyň 3-nji mejlisi, 2024-nji ýylyň 14-nji oktýabry, Aşgabat

2024-nji ýylyň ahyryna çenli hytaý kompaniýalary Türkmenistandaky taslamalara 4,18 milliard ABŞ dollar maýa goýdy. Bu barada duşenbe güni Aşgabatda geçirilen maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý Iş toparynyň 3-nji mejlisinde mälim edildi. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, mejlisiň barşynda taraplar 2023-nji ýylyň maýynda geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garadylar hem-de geljekki hyzmatdaşlyk üçin esasy ugurlary bellediler. Mundan başga-da, özara maýa goýumlary giňeltmek we ileri tutulýan düzümlerde iş gurallaryny berkitmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. 

Türkmen wekiliýeti maýa goýum gurşawyny ýokarlandyrmak we BSG-ä goşulmak işiniň barşy boýunça geçirilýän çäreler bilen tanyşdyrdy, hytaý wekilleri bolsa, nebitgaz, ulag we himiýa pudaklarynda taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy barada gürrüň berdiler. 

Hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we maýa goýum gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam edýän mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň we döwlet kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

2022