“Türkmenpoçta” döwlet poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň çägine ýollamalary tiz eltip bermek maksady bilen, täze «Ekpress ýollamalar» hyzmatyny işe girizendigini yglan etdi. Bu hyzmat indi ýurduň ähli howa menzillerinde elýeterlidir.
“Türkmenpoçtanyň” metbugat gullugynyň habar bermegine görä, täze hyzmat 10 kilograma çenli agramdaky ýollamalary ibermäge mümkinçilik berýär. Eltip bermekligiň bahasy birinji kilogram üçin 20 manat bolup, onuň içine harytlaryň gaplanylyşy hem girýär. Birden artyk her bir goşmaça kilogram üçin 5 manat tölenmelidir.
“Ekpress ýollamalaryň” esasy aýratynlygy onuň örän tiz ýagdaýda ýetirilmegidir. Müşderiler howa menzilindäki poçta bölüminiň hyzmatlaryndan gije-gündiziň dowamynda peýdalanyp bilerler. Ýollama gerekli ýerine iň ýakyn wagtda boljak howa gatnawy bilen iberiler.
Täze hyzmat ýurduň çäginde ýollamalaryň tiz we ygtybarly eltilmegine barha artýan islegi kanagatlandyrmagy maksat edinýär. Ol, hususan-da, resminamalary ýa-da uly bolmadyk ýükleri gyssagly eltmegi talap edýän işewür-müşderiler we hususy taraplar üçin aýratyn ähmiýetlidir.
1993-nji ýylda esaslandyrylan “Türkmenpoçta” hyzmatlaryň giň ugruny, şol sanda poçta arkaly pul geçirimleri, abuna ýazylyşyklary we EMS arkaly ekspress eltip bermek hyzmatlaryny hödürleýär. 2 müňden gowrak işgäri bolan kompaniýa ýurdumyzyň ähli ýerine we çetki künjeklerine hatlary we ýollamalary öz wagtynda eltip bermegi üpjün edýär.