Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Ženewa şäherinde geçen 75-nji sessiýasynda Guramanyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Filippo Grandi raýatsyzlygy ýok etmekde Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň tagallalaryna ýokary baha berdi.
Türkmenistanyň DIM-niň sişenbe güni habar bermegine görä, bu çärede Türkmenistanyň wekiliýetine Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow we BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdiler.
Sessiýanyň birinji bölüminde Wepa Hajiýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda ýurdumyzda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça maksatnamanyň tamamlanandygyny belledi.
Amanmuhammet Sazakow öz gezeginde jemi 32 müňden gowrak adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilendigini, 5 müňden gowrak adama bolsa ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berlendigini nygtady. Bu ädimler adam hukuklaryny goramak we halkara hukugyny berjaý etmek işlerine Türkmenistanyň ygrarlydygyny görkezýär.