Türkmenistanda “Türkmentel-2024” atly XVII Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler

BT
Türkmenistanda “Türkmentel-2024” atly XVII Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler
“TürkmenTEL 2022” halkara sergi, 2022-nji ýylyň 9-10-njy noýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

14–16-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda  telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we teleradio enjamlary boýunça “Türkmentel-2024” atly XVII Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler.

Sebitiň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynda möhüm ähmiýetli bu çäre ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar ugrunda özara pikirleri, tejribeleri we iň täze gazanylanlary alyşmak üçin amatly meýdançany hödürleýär. Bu barada "Türkmentelekom" EAK penşenbe güni habar berdi. 

Halkara foruma Türkmenistandan we daşary döwletlerden alymlar, bilermenler hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşarlar. 

Sanly ösüş ulgamynda gazanylanlary görkezmek we öňde durýan maksatlary maslahatlaşmak, telekommunikasiýalaryň, hemra tehnologiýalaryň we kiberhowpsuzlygyň geljegi forumyň esasy maksatlarydyr. 

Çäräniň çäklerinde “Sanly çözgüt-2024” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçiriler

2022