Türkmen wekiliýeti ABŞ-da HPG-niň maslahatyna gatnaşar

BT
Türkmen wekiliýeti ABŞ-da HPG-niň maslahatyna gatnaşar
Halkara pul gaznasy (Surat: flickr)

Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 22 – 26-njy oktýabry aralygynda Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň nobatdaky ýyllyk maslahatyna we ugurdaş çärelere gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar bermegine görä, degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. 

Bu resminama dünýäniň iri halkara pul gaznalarynyň hem-de birnäçe maýa goýum edaralarynyň Arkadag şäherini has-da ösdürmek, döwrebap innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýokary derejedäki önümçilikleri ýola goýmak, şäheriň ulag üpjünçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek, bu ugurda maslahatlaşmak we tejribe alyşmak, şeýle hem durnukly, hemmetaraplaýyn ykdysady ösüşi gazanmak, gurluşyk we beýleki işlere maýa goýumlar bilen bagly gyzyklanmalarynyň artýandygyny göz öňünde tutulyp kabul edildi. 

Türkmenistanyň Prezdenti şeýle hem Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň türkmen bölegini tassyklaýan Karara gol çekdi.

2022