Türkmenistan bilen ABŞ ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan bilen ABŞ ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Mark Kemeron bilen duşuşygy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow sişenbe güni ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa departamentiniň direktory Mark Kemeron bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen duşuşyga gatnaşyjylar syýasy hyzmatdaşlyga, söwda-ykdysady gatnaşyklara, howanyň üýtgemegi babatdaky meselelere, şeýle hem metanyň zyňyndylaryny azaltmakda bilelikdäki tagallalara we ynsanperwer ugra ünsi çekdiler. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki döwletiň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli dialogy berkitmegiň möhümdigini nygtadylar. 

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa departamenti Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklarda ýurduň daşary syýasatynyň durmuşa geçirilişine jogapkärdir. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek, ykdysady hyzmatdaşlyga ýardam etmek we howpsuzlygy goldamak onuň esasy wezipeleridir.

2022