Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Kazan şäherinde Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Tatarystanyň Baştutany Serdar Berdimuhamedowy “Duslyk” ordeni bilen sylaglady. Bu barada Tatarystanyň Baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.
Tatarystanyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýola goýlan däp bolan ýakyn gatnaşyklary berkidendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürendigi üçin Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyny bildirdi.
“Biziň hyzmatdaşlygymyzyň gadymdan gelýän taryhy bar. Ähli ugurlar boýunça ulgamlaýyn esasda iş alyp barýarys. Biziň kärhanalarymyz tarapyndan durmuşa geçirilen taslamalar oňyn ösüşi görkezýärler” diýip, Rustam Minnihanow aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde mähirli garşylanandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. “Üstünlikli ösýän Tatarystan Respublikasy möhüm ähmiýetli sammitleriň geçirilýän ýerine öwrüldi” diýip nygtan Türkmenistanyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BRIKS guramasynyň “Adalatly ählumumy ösüşi we howpsuzlygy üçin köptaraplylygy berkitmek” ady bilen geçýän XVI sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Kazan şäherinde iş saparynda bolýar. Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň iş sapary dowam edýär.