Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kazanda BRIKS Sammitine gatnaşýar

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kazanda BRIKS Sammitine gatnaşýar
XVI BRIKS Sammitiniň “BRIKS +”/“autriç” görnüşinde geçirilen plenar mejlisine gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň bilelikde surata düşmek dabarasy (Surat: kremlin.ru)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde penşenbe güni Kazan şäherinde giňişleýin düzümde geçirilýän XVI BRIKS Sammitine gatnaşýar.

Sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyga we howpsuzlyga degişli möhüm meseleleriň maslahatlaşmalaryna işjeň gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Sammitiň “BRIKS +”/“autriç” görnüşinde geçirilen plenar mejlisine GDA agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary, Aziýa, Afrika, Ýakyn Gündogar we Latyn Amerika döwletleriniň wekiliýetleri hem-de birnäçe halkara guramalaryň ýerine ýetiriji edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Kazanda geçirilýän Sammitiň üçünji gününde gatnaşyjy ýurtlar möhüm ählumumy meseleleri maslahatlaşmagy dowam edýärler. Ykdysady hyzmatdaşlyk, durnukly ösüş we howpsuzlygy berkitmek üns merkezindäki ugurlardyr. Sammite gatnaşyjylar özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we bilelikdäki teklipleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen gepleşikleri işjeň alyp barýarlar.

2006-njy ýylda esaslandyrylan BRIKS beýleki ýurtlar üçin özüne çekiji bolan özbaşdak erk-isleg, bähbitleri özara hasaba almak, açyklyk we ylalaşyk ýörelgelerindäki hyzmatdaşlyga esaslanýan abraýly we täsirli halkara düzümleriň birine öwrüldi.

2022