Türkmenabatda Özbegistanyň milli sergisi, Ikinji türkmen-özbek sebitara forumy geçiriler

BT
Türkmenabatda Özbegistanyň milli sergisi, Ikinji türkmen-özbek sebitara forumy geçiriler
Özbegistan Respublikasynyň Milli senagatynyň sergisi, 2018-nji ýylyň 29-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan

Şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň milli sergisi hem-de Ikinji türkmen-özbek sebitara forumy geçiriler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, degişli çärelere taýýarlyk görlüşi barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy we dokma senagaty boýunça orunbasary Batyr Atdaýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany noýabr aýynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Özbegistan Respublikasynyň milli sergisini we Ikinji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek baradaky hödürlenen teklibi goldap, degişli çäreleri görmegi wise-premýere tabşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022