BMG “Merkezi Aziýa—parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” Kararnamany tassyklady

BT
BMG “Merkezi Aziýa—parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” Kararnamany tassyklady
Bmg-niň Baş Assambleýasynyň 75-Nji sessiýasy, 2020-nji ýylyň 5-nji sentýabry, Nýu-Yorkork, ABŞ (Surat: olphoto.ru)

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde maglumat berdi.
Wise-premýeriň mälim etmegine görä, BMG agza ýurtlaryň köpüsi we sebitdäki hemme ýurtlar bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

R.Meredow mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň goldawy bilen 2024-nji ýylyň martynda döredilen “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berdi.

Habarda mälim edilşine görä, degişli mejlisiň dowamynda garalmagy meýilleşdirilýän BMG-niň  “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasyna laýyklykda geçiriljek çäreleriň Meýilnamasynyň deslapky taslamasy, şol sanda halkara we sebit başlangyçlary işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geňeşiň nobatdaky mejlisini geçirmek hem-de degişli çäreler boýunça soraglary ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly teklibi goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine anyk tabşyryklary berdi.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy.

2022