Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda A.Owerçuk Wladimir Putiniň we Mihail Mişustiniň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirmek bilen, Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.
Serdar Berdimuhamedow öz gezeginde, A.Owerçugyň saparynyň yzygiderli hökümetara dialogy berkitmekdäki ähmiýetine ünsi çekdi hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen gepleşikleriň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Gepleşikleriň çäklerinde ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Russiýanyň Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridigi bellenildi.
Taraplar bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow we Alekseý Owerçuk birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, däp bolan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.