Şu ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistan bilen “Visa” kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurtda halkara işewürlik forumy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady we maliýe meseleler boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Foruma gatnaşyjylar “Visa” kompaniýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy hem-de halkara töleg ulgamynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
H.Geldimyradow şeýle hem “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna we bank ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagy üçin hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ykdysadyýeti ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany forumyň geçirilmegini goldap, çäräniň ýokary guramaçylyk derejede geçirlemgini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.