Türkiýäniň senagat enjamlary öndürýän “Asos Proses Makina” kompaniýasy Türkmenistanyň bazaryna çykmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Onder Filiz duşenbe güni “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahatda (CIET 2024) mälim etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, kompaniýa ýerli dag-magdan pudagy üçin tehnologiýa çözgütleri hödürlemek bilen Merkezi Aziýada öz orununy berkitmegi göz öňünde tutýar.
Habar berlişine görä, kompaniýa gazyp alýan pudagy ilerletmäge şert döretmek we onuň ösüşini goldamak maksady bilen Türkmenistanyň senagatyna öz tehnologiýalaryny we tejribelerini çekmäge ymtylýar.
“Asos Proses Makina” suwuk we gaty maddalary gaýtadan işlemek üçin ulgamlary hem-de saýlaýjy, bölüji we garyjy enjamlary hödürlemek bilen, azyk, himiýa, derman, nebithimiýa pudaklary üçin senagat enjamlary taýýarlaýar we üpjün edýär.