Türkmen telekeçileri 5 – 7-nji dekabrda Hytaýyň Sian şäherinde geçiriljek 5-nji Günbatar Hytaý sanly ykdysadyýet sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi duşenbe güni habar berdi.
Guramaçylaryň berýän maglumatlaryna görä, Demirgazyk-Günbatar Hytaýyň sanlylaşdyrmak ulgamyndaky bu möhüm çäre ilkinji gezek geçirilip başlan wagtyndan bäri bir müňden gowrak senagat kärhanalaryny we 72 döwletiň wekiliýetlerini özüne çekdi. Ozalky geçirilen sergilere baryp görenleriň umumy sany 60 müň adamdan geçýär.
Bu çäre sanly ykdysadyýet ulgamynda we daşarky bazarlary özleşdirmekde kompaniýalara ýardam etmekde halkara gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýär.
Günbatar Hytaý sanly ykdysadyýet sergisi sanly tehnologiýalary we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan Hytaýyň Demirgazyk-Günbatar sebitindäki iň iri çäredir. Sian şäherinde her ýyl geçirilýän sergi dünýäniň ähli ýerinden senagat kompaniýalary, hökümet wekiliýetleri we adamlary özüne çekmek bilen, gatnaşyjylara özleriniň ýeten sepgitleri bilen tanyşdyrmaga, tejribe alyşmaga we işewürlik gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döredýär.