Türkmenistanyň, Özbegistanyň demir ýol edaralary bäsdeşlige ukyply tarifleri ornaşdyrmagy ylalaşdylar

BT
Türkmenistanyň, Özbegistanyň demir ýol edaralary bäsdeşlige ukyply tarifleri ornaşdyrmagy ylalaşdylar
Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy, 2024-nji ýylyň 5-nji noýabry, Daşkent, Özbegistan

Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol edaralary bäsdeşlige ukyply nyrh meýilnamalaryny ornaşdyrmagy hem-de ýük daşamalarynyň häzirki wagtda hereket edýän nyrhlaryny uzaltmagy ylalaşdylar. 

“Özbegistanyň demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu meselä sişenbe güni Özbegistanyň Daşkent şäherinde GDA-nyň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 81-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda garaldy. 

Duşuşykda Türkmenistanyň “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradow we “Özbegistanyň demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Zufar Narzullaýew iki ýurduň demir ýol edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Ýük we ýolagçy wagonlaryny döwrebaplaşdyrmagyň meselelerine hem-de hereket edýän düzümiň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çärelere aýratyn üns berildi. 

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistan ýükleriň daşalyşynda ýygymlary we tölegleri toplamagyň deňhukuklylyk ulgamyna geçmegi ylalaşdylar

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022