GDA-nyň Baş sekretaryna “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” ýadygärlik nyşany gowşuryldy

BT
GDA-nyň Baş sekretaryna “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” ýadygärlik nyşany gowşuryldy
GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew, 2024-nji ýylyň 6-njy noýabry, Moskwa, Russiýa

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş sekretary Sergeý Lebedew türkmen nusgawy edebiýatyny wagyz etmekde goşan goşandy üçin Türkmenistanyň ýokary sylagy bolan “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýadygärlik nyşany gowşuryldy. 

Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, ýadygärlik nyşany Türkmenistanyň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew tarapyndan 2024-nji ýylyň 6-njy noýabrynda GDA-nyň Moskwa şäherindäki edarasynda geçirilen dabarada gowşuryldy. 

Bu sylag Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde we wagyz etmekde hem-de GDA bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde S.Lebedewiň tagallalaryna bildirilen hormatyň nyşanydyr. 

Sylaglamak dabarasy döredijiligi türkmen medeniýetine we edebiýatyna uly täsirini ýetiren XVIII asyryň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen iri çäreleriň möhüm bölegini emele getirdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sergeý Lebedewi degişli ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Permana 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda gol çekipdi. 

2022