Ýanwar-oktýabr: Türkmenistanda bölek satuw haryt dolanyşygy 12,5 göterim artdy

BT
Ýanwar-oktýabr: Türkmenistanda bölek satuw haryt dolanyşygy 12,5 göterim artdy
Türkmenistanda alnyp barylýan önümçilikden bir pursat

Şu ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 12,5 göterim artdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady we maliýe meseleler boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde maglumat berdi. 

Wise-premýeriň sözlerine görä, ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Şunda has ýokary ösüş 10,9 göterim bilen gurluşyk pudagynda hasaba alyndy. Beýleki pudaklar hem oňyn ösüş depginini görkezdiler. Hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterim, ulag-aragatnaşyk pudagynda 6,7 göterim, oba hojalygynda 5,3 göterim, senagatda 2,5 göterim ösüş gazanyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,8 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi meýilnamada göz öňünde tutulandakydan artyk (102,8 göterim), çykdajy bölegi hem tygşytlanan derejede (97,7 göterim) ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe iri we orta kärhanalarda aýlyk zähmet haky 10,5 göterim ýokarlandy. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 

H.Geldimyradow özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 25,2 göterim artandygyny aýtdy. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hödürlenen maglumatlar barada aýtmak bilen, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny mundan beýläk-de netijeli ösdürmegiň möhümdigini belledi we düýpli maýa goýumlaryň netijeli özleşdirilmegini üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hökümet mejlisinde şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenip, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022