ÝTÖB Türkmenistanda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine 333 million ýewro maýa goýdy

BT
ÝTÖB Türkmenistanda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine 333 million ýewro maýa goýdy
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Lýuksemburgdaky edarasy, (Surat: RIA nowosti)

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) senagat önümçiligine, kiçi we orta telekeçilige aýratyn üns bermek bilen Türkmenistanda 87 taslamanyň durmuşa geçirilmegine 333 million ýewrodan gowrak maýa goýdy. Bu barada ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaçysy Erik Liwny mälim etdi diýip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň sişenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Türkmenistanda 1992-nji ýyldan bäri iş alyp barýan bank önümçiligi döwrebaplaşdyrmaga, sebit bazarlaryna çykmaga ymtylýan türkmen kompaniýalaryny goldamaga çalyşmaga üns berýär.

Bankyň Türkmenistandaky häzirki işleri umumy bahasy 22 million ýewro deň bolan 15 sany işjeň taslamany özünde jemleýär. Işewürlik işiniň sanlylaşdyrylmagy, halkara hil ölçeglerine ýetmekde kompaniýalara kömek etmek ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr.

ÝTÖB türkmen häkimiýet wekilleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyljak täze bäşýyllyk maksatnamanyň üstünde hem işleýär. Bu resminamada eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we infrastrukturalary ösdürmäge aýratyn üns berler.

Gaýtadan dikeldilýän energetika, suw serişdelerini dolandyrmak we Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm baglanyşdyryjy bolup biljek Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmek geljegi uly ugurlar bolup durýar.

Merkezi Aziýa sebitinde iri maýa goýujylaryň biri bolan ÝTÖB hususy pudagy goldamaga we ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga ähmiýet bermek bilen Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde hyzmatdaşlyk edip gelýär.

1991-nji ýylda esaslandyrylan Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky 40 ýurduň we iki halkara guramanyň gatnaşmagynda döredildi. Häzirki wagtda bank 34 ýurtda iş alyp barýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022