Türkmenistan 19 – 20-nji noýabrda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde “Moda arkalaşygy” ady bilen geçirilen III halkara forumda lybaslaryň milli nusgasyny görkezýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
GDA ýurtlaryndan, şeýle hem ilkinji gezek Angola Respublikasyndan 1,5 müň gatnaşyjyny bir ýere jemlän forum moda senagatyndaky esasy meseleleri maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy. Gatnaşyjylar iki günüň içinde medeni däpleriň döwrebap moda ýörelgelerine, dokma önümçiligindäki täzeçilliklere ýetirýän täsirini hem-de bu ugra döwlet tarapyndan goldaw we maýa goýum mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Çäräniň çäklerinde 20-ä golaý ylalaşyga gol çekmek meýilleşdirilýär. Şolaryň arasynda Türkmenistana degişli taslamalar hem bolar.
“Moda arkalaşygy” atly halkara forum ilkinji gezek 2022-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda geçirildi. Şonda çärä 700-e golaý adam – Türkmenistanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýeňil we moda senagatynyň, ugurdaş ministrlikleriniň, işewürlik birleşikleriniň, bilim we döredijilik edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.