Kommer Dameniň ýolbaşçylygyndaky Gollandiýanyň “Damen Shipyards” gämigurluşyk kompaniýasynyň wekiliýeti läbik sorujy derýa gämilerini öndürmekde hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin sişenbe güni Türkmenistanyň günbatar sebitinde ýerleşýän “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp gördüler.
Saparyň dowamynda “Damen” kompaniýasynyň wekilleri “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we “Balkan” zawodynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdiler. Daşary ýurtly hünärmenler şeýle hem zawodyň häzirki taslamalary, şol sanda iki sany täze ýük gäminiň gurluşygy bilen tanyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Läbik sorujy derýa gämileri derýalary çuňaltmak boýunça işlere niýetlenen ýöriteleşdirilen suw ulagydyr. Olar derýa akabalaryny, suw howdanlaryny hem-de kanallary arassalamakda we çuňaltmakda, derýa düýbünden çäge, daş we beýleki gurluşyk serişdeleri çykarmakda ulanylýar.
“Damen Shipyards Group” dünýäniň dürli künjegindäki gämigurluşyk kompaniýalary dolandyrmak bilen 100-den gowrak ýurtdaky buýrujylary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Kompaniýa işçi gaýyklardan, tirkeg gämilerden başlap harby gämilere we aňrybaş ýahtalara çenli gämileriň giň ugurlardaky önümçiligine ýöriteleşendir.