Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň duşenbe güni Aşgabatda ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatory Stiw Deýnsi kabul etdi. Onuň barşynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşdyldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi maglumat berýär.
Habarda bellenişine görä, senator Deýns durnukly energetika çözgütlerini ilerletmek we daşky gurşawy goramak boýunça bilelikdäki taslamalary teklip etdi.
Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Birleşen Ştatlarynyň arasynda, hususan-da, söwda, maýa goýum we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge aýratyn üns berildi.
Senator Deýns oba hojalygy, tehnologiýalar we infrastruktura ýaly pudaklarda amerikan kompaniýalary bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen senator Deýns özara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge we ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga öz ýurtlarynyň ygrarlydyklaryny mälim etdiler. Şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meseleleri çözmek we bu babatda ösüşi goldamak üçin hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdiler.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан